[Verse 1]
Maňlaýa ýazyldy ýol
Ýaradan çekipdir gol
Şowakör oglanlar manysyz durmuşa doglanlar bilen aradaky ýüpüňi ýol (ýol)
Hemişe erbetlik diledi ýow
Inžener däl adam bol
Sähelçe özüňi üýtgedip bilseňem şo' saňa bor' (bor', bor')
Içimde gabaldy sözler (sözler)
Ýalany görýärka gözler (gözler)
Umumy öýde gözeller
Boljak indikilere görelde
Mona Lisaň' ýüzi ýaly garaýalar' maňa
Çepe gitjek bolsam ýene äkitýäler' saga
Peýda görjek bolup menden düşdüňiz ýaga
Keremara bolsada etdiňiz ana
Kim bilýä ýene-de näçеnji gezek başladym ýazyp
Diňejе öňüňe seredip ýaşa, geçmişiň mazaryn' gazyp
Pikirlem' tussagda bolsada ine meň bedenim azat
Sesimi ýetirjek bolup galdyrdym, başladym dyzap
Puls bilen ýüregim deň uranok
Ýagyşam durdy, men duramok
Manylar zabt etýä' şunça emma beýinim turanok
Arkamda meýil bar duýamok
Ýüregem döwüldi seýik goýamok
Ýalandan doýupdum diýipdim seretdim näçe iýsem hem doýamok
[Chorus]
Abadan ýaşaýşyňa, bulutlar abanýa'
Gözüň göreji däl, geljegiň garalýa'
Diňe arzuwlar däl, umytlar azalýa'
Bir zady berk bellegin, indi sen başarýaň
Abadan ýaşaýşyňa, bulutlar abanýa'
Gözüň göreji däl, geljegiň garalýa'
Diňe arzuwlar däl, umytlar azalýa'
Bir zady berk bellegin, indi sen başarýaň
[Verse 2]
Goşupdym rapi durmuşuma, her eden zadymda her işde
Goldaw bolmady hiçkimden, özümi goldadym hemişe
Ýatyrdym bir gün oýaly-ukuly seretdim ýokary, bir salym diň salyp duramsoň
"Rap aýdaý" diýdi maňa, baş ujumdaky perişde
Biriniň ýüregini ýaralamak güýç däl zalymlyk (zalymlyk)
Hudaýy inkär etmeklik däl alymlyk (alymlyk)
Şahsyýetiňize sapak ediniň çala dadymlyk (dadymlyk)
Adama her wagt derkardyr diňe adamlyk (adamlyk)
Halallyk tozupdur, galmady abraý
Bitewülik ýok indi, öýüňe dargaý
Gargalar eýeledi, azaldy torgaý
Dünýä bilen kontraktyňy dograý
Tizräk bol, başlamanka gaý
Ok bolup zyňyldym eliňde ýaý
Ýöreýän ýoluňda ýykylypdy raý
Düşünýän, kyn, ýöräber borlaý
Bu saza sözümi ýelmedim awladym awy
Misli bu sözler arassa gany hapalaýan awy
Flowuň çykardym janyny
Aýtjaklam' gutaran ýalymy?
Alamok dünýäden arymy
Ekjegiň nämedi gülmi ýa darymy
Etjeklem' kän entek seniňki barymy?
Asmanyň nähili garamy, mawymy?
[Chorus]
Abadan ýaşaýşyňa, bulutlar abanýa'
Gözüň göreji däl, geljegiň garalýa'
Diňe arzuwlar däl, umytlar azalýa'
Bir zady berk bellegin, indi sen başarýaň
Abadan ýaşaýşyňa, bulutlar abanýa'
Gözüň göreji däl, geljegiň garalýa'
Diňe arzuwlar däl, umytlar azalýa'
Bir zady berk bellegin, indi sen başarýaň